بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ýagşyzada adamy görseň, ony dost tutun, Allanyň oňa ýagdyrýan bereketinden saňa-da paý ýeter.

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 60-njy bölüm: Perzent terbiýesi we ene-atanyň derejesi.

1262. Pygamberiň aýdany: «Kim iki gyzy ösdürip, ýagşy görelde berip, terbiýeläp ýetişdirse, Hudaý ony jennete salar».

1263. Pygamberiň aýdany: «Üç gyzy bolan adam, olara sabyr etse, iýdirse, içirse we geýindirse, olara beren terbiýesi dowzah oduna galkan bolar».

1264. Katadanyň aýdany: «Ýigit ýetişen wagty, atasy ony öýermese, ol hem bozuk işlere baş goşsa, muňa atasy günäkär bolar».

1265. Hasanyň aýdany: «Atanyň perzendiň öňündäki borjy, oňa ýagşy at dakmaly, ýetişen çagy öýermeli we oňa edep-terbiýe bermeli».

1266. Ibn Şihabyň aýdany: «Perzendini sylamaklyk we onuň edebini gözelleşdirmeklik, atanyň perzendiniň öňündäki borjudyr».

1267. Ybraýym Nahagynyň aýdany: «Adamlar çagalaryna itden başga zady oýnamaga rugsat berýärler».

1268. Pygamberiň aýdany: «Perzendiniň başyny sypaýanlygy we aýaly bilen jynsy gatnaşyk edýänligi üçin hem, erkek adama sogap berilýär».

1269.Pygamber alaýhyssalam uly-kiçi perzentleriniň ählisine deň göz bilen garardy, hat-da şolary öpende hem deň öperdi.

1270. Pygamber alaýhyssalam agtygy Hasanyň alyn dişlerinden ogşar eken. Akrag ibn Habys: «Meniň on oglum bar. Ýöne hiç birini hem ogşap göremok» diýende, Pygamberimiz: «Rehim etmeýäne rehim edilmez» diýipdir.

1271. Abu Hüreýräniň aýdany: «Pygamberimiz adamlara gurrüň berip otyrka, bir oglanjyk adamlaryň gyrasyndan ylgap gelip, kakasynyň ýanynda oturdy. Kakasy onuň başyny sypap, sag budunyň üstüne mündürdi. Soňra onuň gyzjagazy hem geldi. Kakasy onuň başyny sypalap, ýerde oturtdy. Bu zatlary synlap duran Pygamberimiz: «Ony nä beýleki buduňda oturtjak dälmi?» diýdi. Ol adam gyzjagazyny göterip, beýleki budunda oturdanda, Pygamberimiz: «Hä, indi munyň boldy» diýdi.

1272. Muharyp ibn Desaryň aýdany: «Atalara we perzentlere ýagşy göz bilen garaýandyklary üçin ýagşyzada diýilýär. Atanyň perzendiň öňünde borjy bolşy ýaly, perzendiň hem atanyň öňünde bitirmeli borjy bardyr».

1273. Bir ýagşy adam kakasyna şeýle diýipdir: «Eý, atam, seniň meniň öňümdäki uly borjuň, meniň seniň öňüňdäki ujypsyz borjumy unutdyrmaýar. Seniň maňa bagly bolşuň ýaly, men hem saňa baglydyryn. Bu «Ikimiz biri-birimize barabardyrys» diýdigim däl. Ýöne, saňa garşy gitmegiň günädigini aňladýar».

1274. Ýahýa ibn Halyt Bermekiniň aýdany: «Atalaryň perzentleri üçin hökman etmeli zatlary: olara ýazmany, hasaplamany we ýüzmäni öwretmelidirler».

1275. Muny maňa Aly ibn Zekkar aýtdy. Oňa Ahmet ibn Hüseýin Temimi, oňa Hatam Sejistany gürrüň beripdir: «Utby özüniň kiçi ogluna: «Hudaýyň saňa öwretmegi buýran wesýetini bilýärmiň?» diýip sorapdyr. Onda ogly: «Elbetde, seniň meniň öňümdäki borjuňy öwrendim. Bu meniň seniň öňüňdäki borjumy bitirmekdir» diýipdir.

1276. Muny maňa şyh kakam gürrüň berdi. Oňa Abu Aly ibn Hebeş, oňa Abu Abdylla Ybraýym ibn Muhammet, oňa Muhammet ibn Abdylla Dakyk, oňa Ýezit ibn Harun, oňa Abdyrahman ibn Abu Bekr, oňa bolsa Abu Sagyt Hudry gürrüň beripdir: «Pygamberiň ýanyna ensarylardan bir adam gelip: «Eý, Pygamber, enem-atamyň wepatyndan soň hem, olara ýagşylyk edip bolarmy?» diýende, ol: «Hawa. Munuň üçin şu dört häsiýet bar:

— olara ýagşy doga etmek;

— günäleriniň ötülmegini diläp, gözýaş dökmek;

— wesýetlerine wepaly bolmak;

— dostlaryny sylap, garyndaşlary bilen gatnaşmak» diýipdir.