بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ynsanlar üç topara bölünýärler. Olaryň bir topary alymdyr, ýene bir topary ylym öwrenijidir. Galanlary bolsa siňek kimindir, olardan hiç haçan haýyr bolmaz.

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 62-nji bölüm: Durmuş çarkandaklarynda garyndaş peýdasy.

1281. Düreýit ibn Symmanyň ogullaryna beren öwüdi: «Kömekçileriňize göz-gulak boluň. Duşmanyňyzy ýeňmekde olar siziň derdiňize ýarandyr. Hatda olar siziň eşretli we bagtly günüňize göriplik edýän bolsalar hem şeýledir».

1282. Çarwa arapdan: «Agaň ogly hakda nämeler aýdarsyň diýenlerinde, ol: «Agam meniň duşmanym, hatda duşmanymyň hem duşmany» diýipdir.

1283. Kutamynyň sözleri: «Bilegi ýogynlar buçärelere barmak uzatmasynlar. Olaryň ýardamçysy az bolsa-da, üstün geler. Çünki, olaryň arkasynda Hak durandyr».

1284. Çarwa araplaryň biri, öz doganynyň ogluny öldüripdir. Soltan oglunyň hununy almaga, kakasyna ejaza beripdir. Haçan-da, kakasy doganyny çapmak üçin gylyjyny ýokary göterende, onuň eli sandyrapdyr we gylyjyny bir ýana taşlap goýberipdir. Onuň günäsini ötüpdir*: «Men öz nebsime köşeşmegi ündeýärin. Meniň bir elimi kesdiler. Ýöne öz elim bilen, beýleki elimi bir çapmaýyn, olaryň öwezini dolup buljek zat ýokdur. Bu-ha çagyran wagtym seslenjek doganym, ol hem öz oglum ahyry» diýipdir.

1285. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp «Jemel» söweşi gününde öldürilen adamlary üns bilen synlap otyrka, öz kömekçisine gözi düşüpdir. Ol: «Nebsime şypa berdi, ýöne şonda-da burnum kesilen ýaly boldy» diýipdir.

1286. Zuhl taýpasyndan bolan biri beýleki bir ildeşiniň janyna kast edipdir. Soltan, öldürleniň dogany Harys ibn Wagla, doganynyň aryny almaga rugsat beripdir. Şonda Harys ibn Wagla*: «Ildeşlerim jan ýaly doganym Ümeýmäni öldürdiler. Olara çenäp atan okum, ýene-de özüme degjek. Men olary bagyşlaýaryn. Eger, jan ýerine jan talap etsem, mertebämi kemsitdigim bolar» diýipdir.

1287. Eset taýpasyndan bolan käbir adamlaryň aýdany*: «Men baýlygy ýigrenmeýärin, har tutmaýaryn, gysylmaýaryn. Kyn günümde ony sowup, haýyr tapýaryn. Ýolda büdrän düýe ýaly bolup, bir ýerde säwlik goýbersem, Hudaýdan meni halas etmegini soraýaryn. Üstünligiň gülüp bakjak ýerinde baýlygymy, söýgimi, gaýratymy gaýgyrmaýaryn. Şeýdibem, maksada we wysala ýetýärin».

1288. Başga biriniň aýdany: «Gurbatyň ýetmejek, gaýratyň çatmajak işe gatylma. Akyl ýokmajaga öwüt berme. Taňrynyň bendesine birehimlik bilen garama. Kimiň kime mätäç boljagyny bir Hak bilýär».

1289. Kaýs ibn Züheýriň sözleri*: «Men Hamal ibn Bedr bilen çaknyşyp, nebsime şypa tapdym. Huzaýfanyň gylyjy derdime däri boldy. Zamananyň zynaty bolan kowum serkerdelerini öldürdim. Şeýtmek bilen hyjuwym köşeşjek ýalydy, emma öz ellerimiň barmagyny kesen ekenum».

1290. Hydaş ibn Züheýriň sözleri: «Il bilen bir bolmakdan uly mertebe, il-günden çetde durmakdan pes dereje ýokdur. Ýokluklaryň içinde iň ýamany, akyly ýoklaryň arasynda ýaşamakdyr».

1291. Gatafanly bir adamyň aýdan sözleri*: «Dostluk söýgüsini gursagyňda ebedilik ýerleşdirmeseň, ýazgarylma tüssesine demigersiň. Ilden aýyp gözleýän käbir kişileriň garşysyna küşgürmek üçin, ýaramaz adamlaryň birnäçesi bilen aramy üzmeýärin. Şagallaryň uwwuldysyna itler üýrüp, jogap bermese, gorkubermelidir».

1292. Möminleriň emiri Osman ibn Affan gyzynyň ýanyna gelipdir. Ol Abdylla ibn Halyt ibn Esidiň gelni ekeni. Osman: «Eý, gyzym, sen nä solgun görünýäň? Äriň gabandyrýar öýdýän» diýipdir. Gyzy: «Ýok» diýip jogap beripdir. Osman muny gyzynyň ýoldaşyna ýatladanda, ol hem: «Ýok» diýipdir. Osman: «Şeýle-de boluň. Omeýýa taýpasyndan bir ajaýyp oglanyň artdyrylmagy meniň üçin ähli zatdan ezizdir» diýipdir.