بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Alymlaryň biri: «Kim hikmetiň jylawyny tutsa, ol adamlaryň ýolbaşçysy bolar we kim-de kim hikmet bilen tanalsa, gözler oňa hormat bilen garar» diýipdir.

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 64-nji bölüm: Arassa ahlaklylyk we gözüňi saklamaklyk.

1316. Pygamberiň aýdany: «Owadan zenana garamak Iblis oklarynyň biridir. Kim ony terk etse, Hudaý oňa ybadatyň tagamyny dadyryp, ony şatlandyrar».

1317. Pygamberiň aýdany: «Baý adamlaryň perzentleriniň ýüzüne ýiti nazar salmaň. Olaryň garaýşy hüýr gyzlarynyň garaýşy ýalydyr. Akylyňy bulaşdyrar we ýüregiňi ýesir eder».

1318. Pygamberiň aýdany: «Öý eýesiniň rugsady bolmazdan, onuň gapysyndan jyklan we gözüni çykardan adam, biderek ýere ýitgi çeker».

1319. Sagyt ibn Jubeýriň aýdany: «Dawudyň başyna bela ýekeje gezek nazar salmadan geldi».

1320. Omar ibn Abdyleziziň sözleri*: «Ilki ýaman işden saklanmak, soňra takwalyk, meniň köýnegime bezeg boldy. Eger şolar bolmasa-dy, çaga höwesjeňligim meni köp ýazyklara itererdi».

1321. Urwa ibn Hizamyň sözleri*: «Haý-höwes hernäçe gabahat işe iteklese-de, haýam bilen ynsabym yza çekip dur. Hak ýolda ýöremek isleseň, şübheli ýerlere gadam urma».

1322. Dawut pygamber ogly Süleýmana öwüt berende: «Eý, oglum, şirleriň yzyndan ýöre, ýöne aýallaryň yzyna düşme» diýipdir.

1323. Asmagynyň sözleri: «Bir gün Büseýne Abdylmälik ibn Merwanyň huzuryna giripdir. Abdylmälik oňa: «Eý, Büseýne, Jemiliň seni taryplap ýazan gözelliginiň hiç birini sende göremok-la?!» diýipdir. Büseýne: «Eý, möminleriň emiri, eger şonuň gözi bilen garasaň, sen meni ondan hem beýik tutardyň» diýipdir. Abdylmälik: «Onuň namys-mertebisini niçik gördüň?» diýende, Büseýne: «Ol öz goşgusynda şeýle diýýär*:

«Lybasynyň astynda we lebinde,

Näme barlygyndan habarym ýok.

Men ol zatlar bilen küýümi doldurmadym,

Diňe söhbet etdim, bir-de nazar saldym» diýipdir. Abdylmälik oňa: «Akylyna aperin, onuň päkligini aýtsana» diýipdir.

1324. Abu Sehl Sagydydan rowaýat etmeklerine görä, ol Jemil ibn Magmaryň ýanyna giripdir. Jemil oňa: «Eý, Abu Sehl, haram gan dökmedik, zyna we ogurlyk etmedik adama näme diýip bilersiň? Jennete girer öýdýärmiň?» diýipdir. Abu Sehl oňa: «Büseýne bilen ýigrimi ýyl bäri jynsy gatnaşyk etmeýäniň, seni şeýle diýmäge mejbur edýärmi?» diýip, sorag bilen ýüzlenipdir. Ol: «Ýok, bu meniň dünýädäki iň soňky, ahyretdäki bolsa ilkinji günümdir. Ol hakynda içimden bir şübheli pikir etdigim, bes, Muhammediň şepagatyndan mahrum galaryn öýdüp gorkýaryn» diýipdir. Şondan bir gün geçmänkä hem ol aradan çykypdyr.

1325. Utbynyň aýdany: «Magşuk gyzy doganoglanyna durmuşa çykarylan çarwalaryň birinden: «Maşgalasy gapyl ýatyrka, ol gyz bilen bir gijejik aýyş etmegi nähili görýäň?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Wah, meni yşky bilen gyzykdyryp, wysalyndan mahrum eden gyzmy?» diýipdir. «Indi näme etsem diýýäň?» diýenlerinde, ol: «Söýgide ony öpmegi arzuw etsem-de, şeýtanyň ugruna gitmän, päkligimi sakladym. Onlarça ýylyň yşkyny, yzynda ýaramaz gep-gybat we biabraýlyk galdyrjak bir sagatlyk lezzet üçin harlap bilmerin. Beýle hereket edýän adam barypýatan binamysdyr» diýipdir.

1326. Leýli Amyriýýä bakyp: «Bu Kaýs özündäki dert sebäpli ýogaljak» diýenlerinde, ol: «Hudaý bar, men hem şoňa bolan söýgim sebäpli ölerin öýdüpdim» diýipdir. «Ondaky derdi ýeňleder ýaly sende heý bir hile-pirim ýokmy?» diýenlerinde, ol: «Hudaý bar, eger bu zatlaryň çykalgasy, hilesi bolsady, men onuň özünden has şadyýan. Ýöne binamyslyga çydap gezmegi we dowzaha girmegi islämok» diýipdir.

1327. «Şu geçen ömrüňde, heý, bir gezek Azzatdan, gadagan edilen zady batyrnyp bilipmidiň?» diýip, Küseýýirden sorapdyrlar. Ol: «Goýaweriň, beýle bolmandy. Ýöne, käteler höwesim möwjände, elini alyp, gursagymyň üstünde goýardym we rahatlyk tapardym» diýipdir.

1328. Pygamberiň aýdany: «Kim birini söýse, söýendigini gizlese we päkize gezse, şehit bolup ýogalar».

1329. Çarwa araplaryň birinden «Zyna edip gördüňmi?» diýenlerinde, ol: «Ýok, Hudaý saklasyn» diýipdir.

1329. Çarwa araplaryň birinden «Zyna edip gördüňmi?» diýip soranlarynda, ol: «Ýok, Hudaý saklasyn» diýipdir. «Siz zyna diýip näme düşünýärsiňiz?» diýlende, «Ogşamak we bagryňa basmak» diýipdir. «Biz zyna diýip oňa aýdamzok» diýlende, «Onda ol näme bolýar?» diýip, çarwa arap sorapdyr. Olar: «Iki aýagyny götermek, garnyňy garnynyň üstünde, agzyňy agzynyň üstünde goýmak» diýipdirler. Onda çarwa arap: «Ýok, ol diňe perzent islemek bolýar. Ondan aşyklyk bolmaz» diýipdir.

1330. Muny maňa Mutahhar ibn Ybraýym Basry bir şahyr çopanyň goşgusy diýip, aýdyp berdi*: «Kejirlik edip, çaga gylyklarymyza golaýlaşan wagtymyz, haýa bizi yza itekleýär. Erkin zenanlar biabraýlygyň nämedigini bilmeseler-de, hamyňy sypyrdyp, aýbyňy paş edýän işleri terk edýärler».

1331. Muny maňa Mutahhar ibn Ybraýym Basry Agrabiýe Neždiýýäniň goşgusy diýip, aýdyp berdi*: «Haýsy suwdan gansaň-da, tagamy birmeňzeşdir. Emma, uzyn zülpli gözeller tilkilerden ýaňa köp büdreýär. Jülgäniň ortasyndaky kertde, çar tarapdan öwüsýän gyzgyn şemallar ony bagryna basyp ötýär. Ýeliň öwüsgini onuň gözüniň agyny aýrana meňzeýär. Dogry, ol ýerde göze dürtülip ýa-da seredene bildirip duran aýyp ýok. Onuň ynsap-namysyndaky nogsanlygy hem her kim syzyp bilmez. Özgelere gabak galdyrtmaýan zat – Allanyň takwalygy we soňky netijelerden çekinmek duýgusydyr. Şuny unutmaň!».

1332. Muny maňa Abu Muhammet Hasan ibn Muhammet Samarry Adapbas Kinanynyň goşgusy diýip, aýdyp berdi*: «Allatagala töhmetçilere örän agyr jeza berýär. Çünki olar gep-gybat, haram söz bilen adamlary oda salýarlar. Biz özümize ýamanlyk edýän bu adamlardan çekinmeýäris. Biz diňe Alladan we bet işiň jezasy bolan dowzahdan gorkýarys».

1333. Abdynyň maňa aýdyp beren setirleri*: «Eý, köňlümiň aramy-şypasy, ýüregiň syrlary paş edilýän däldir. Göribiň gepine gidip, ýüz bermedik ýigidiňe serpaý ýap, çünki, dostlarynyň ýanynda onuň ýazygy azdyr. Eý, Leýla, men seni şübhesiz söýýärin, ýöne yşkyňy ýaýyp ýörmezlik hem mertlikdir. Söýginiň datlylygy onuň pynhanlygyndadyr».

1334. Muny maňa Abu Şihap Esgeri aýdyp berdi. Bu goşgy Müslim ibn Welit hakyndadyr*: «Öňki öten döwranlaryň hatyrasyna durmuşy taryp etmeýänligim, meniň üçin ýazyk däldir. Onda ýekeje mynasyp gün ýaşan bolsam, ony päk ynsabym we akylym bilen gazanandyryn».

1335. Muny maňaAly ibn Kasym Basry aýdyp berdi*: «Ýüregime höwes umytlary çaýyldy. Men nämüçindir hiç wagt öz igenjeňlerime ýaranyp bilmeýärin. Takwalyga bürenip, ýazan şygyrlarymy hem olara rowa görmeýärin. Igenip ýa-da sögünip başlasalar, men dymyp oňýaryn. Çünki, näme işler edendigimi Alla gowy bilýär. Bar ýagdaýymy olara gürrüň bermek maňa borç däl ahyry. Onsoňam, namysym meni özgelere elgarama bolmakdan halas eden bolsa, meniň ýazygym nämede-kä? Her kim şübhe bilen garasa-da, meniň ynsabymyň oýalygy-ukusy sagdyndyr. Arzuw-hyýallar gabahat işlere ýykgyn edip başladygy, namysym ony gozgaýar we ynsabym oýanyp, aýak üstüne galýar».