بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ylym hemişe amaly ýardama çagyrar, jogap berse durar, ýogsam gider.

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 65-nji bölüm: Utanç-haýa we binamyslyk.

1336. Pygamberiň aýdany: «Her diniň gylygy bar. Yslamyň gylygy haýadyr».

1337. Pygamberiň aýdany: «Töwratda: «Utanjyň ýok bolsa, isläniňi et» diýlip ýazylan».

1338. Alla ondan razy bolmyş Japar ibn Muhammet Sadyk bir gezek Kufä Abu Japar Mansuryň öýüne barypdyr we onuň sekisiniň üstündäki şeýle ýazga gözi düşüpdir*: «Zulum etmek peslikdir. Gabahat işine toba etmeýän ýaman adam, kyýamat güni Hudaýyň huzurynda jem bolýançak, zalymlygyna galar. Ol gün bolsa, öýkeliler öz hakyny gaýdyp alar».

Japar onuň bilen hoşlaşyp, öýden çykyp barýarka, şu sözleri aýdypdyr*: «Näme boljagy näbelli tümlük soňundan gorkmasaň, utanmasaň, isläniňi et. Utanç-haýanyň ýok ýerinde, ýaşaýşyňam, dünýäniňem haýry ýokdur».

1339. Adam öz abraýyny sakladygyça ýüzi nurana bolar. Haýasy gitse, jemaly gider.

1340. Ahtalyň sözleri*: «Käşki, meniň elimde seniň ýüzüňden bir bölejik ham bolsady, ondan gatyryma toýnak ýasardym».

1341. Başga biriniň sözleri: «Nurana ýüzlini hiç kim ýeňip bilýän däldir. Eger, onuň gylygynda ýaramazlyk peýda bolmasa, ol barha nurlanar».

1342. Başga biriniň sözleri*: «Ýigidiň ýüzüne galyň ham biten bolsa, ähli işi höwesine görä çözer».

1343. Şemmah Uklynyň sözleri*: «Ýüreklerinde maňa bolan nägilelik gaýnap duran hem bolsa, haýasy bilen ony gizläp saklaýanlar – iň gözel adamlardyr».

1344. Muhammet ibn Hazymyň sözleri: «Dört zat meni nadanlykdan, hyýanatdan we garyndaşlaryma sögünmekden saklady: Haýa, yslam, takwalyk we adamkärçilik».

1345. Başga biriniň sözleri: «Gabahat işlere batyrynmagymdan saklan zat - meniň utanç-haýamdyr».

1346. Hasan Basrynyň aýdany: «Utanjaňlyk sebäpli ylym almakdan saklanan adam, nadanlyk lybasyny geýer. Utanç-haýa ähli ýerde gerek hem bolsa, şol ýerde zerur däldir».

1347. Leýla Ahýalynyň sözleri: «Haýaly gyzdan utanýan ýygit, gowakda gizlenen ýolbarsdan mertdir».

1348. Sagyt ibn Museýýibiň aýtmagyna görä, Pygamber alaýhyssalam Azradan, öz otagyndaka hem utanýan eken.

1349. Aly ibn Jehmiň sözleri*: «Sende gapynyň arka tarapy ýaly galyň ýüz bar. Ol ýerde köpsanly adamlaryň garaýyşlary, kitabyň çyzyklary ýaly bulam-bujar. Bularyň ählisi seniň halal perzent däldigiňi aňladýar».

1350. Başga biriniň utanjaňlygy ýazgaryp aýdan sözleri*: «Ýüzi açyklyk, alçaklyk ýigidiň baş ýaragydyr. Ýüzi ýukalyk, kesbine päsgel berýän häsiýetdir. Utanjaň adam maksadyna gowuşýança eglener. Binamys bolsa ony bir böküşde kakyp alar».

1351. Asmagynyň maňa aýdyp beren setirleri*: «Içim jugurdap dursa-da, agyzdan galan aşy iýmeýärin, ony terk edýärin. Haýaň giden ýerinde, dünýäde ýaşamagyň haýry ýokdur».