بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Eý, oglym, akmak bilen dostlaşmakdan gaça dur. Saňa peýda berjek bolsa, zyýany ýeter. Gysganç bilen dost bolmakdan saklan. Oňa mätäç bolan wagtyň seniň kömegiňe ylgamaz. Erbet kişi bilen hem dost bolmakdan saklan. Ol seni az baha satar gider. Ýalançy bilen hem dost bolma. Sebäbi, ol salgyma meňzär, daşdakyny ýakyn görkezer, ýakyndakyny daş görkezer.

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 66-njy bölüm: Pespällik we gedemlik.

1352. Pygamberiň aýdany: «Allatagala Ybraýym pygamberiň myhmansöýerligi üçin ony özüne dost tutundy. Musa pygamberiň pespäldigi üçin, ony özüniň päkize, günäsiz bendesi etdi».

1353. Pygamberiň aýdany: «Ýüreginde zerre ýaly ulumsylyk bolan adam jennete girmez».

1354. Eýýup Sihtiýanynyň aýdany: «Käbir adamlar beýige galmak islär, ýöne Hudaý ondan boýun towlap, olary pese düşürer».

1355. «Göriplik edilmeýän nygmat barmy?» diýip, Buzurgmehrden soranlarynda, ol: «Pespällik» diýipdir. «Rehim edilmeýän muşakgatlyk barmy?» diýlende, ol: «Özüňden göwnihoş bolmak» diýipdir.

1356. Abu Abdylla Kazy juma gününde adamlaryň üstünden ätläp geçip ýören bir haşymyny görüpdir. Ol: «Eý, agam ogly, edep ata-babalardan miras galýar. Ýöne ata-babalaryň seniň edebiňe täsir etmändir öýdýän» diýipdir.

1357. Pygamberiň aýdany: «Özüňden göwnihoş bolmak we gopbamlyk nesil-neberäňi zaýalar».

1358. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talybyň sözleri: «Ýüregiňi pespällige karargäh et. Häsiýetiň gözeli pespällikdir. Horlugyňa gyýylma, malyň semizi soýlup, hory abat galýandyr. Käbir kişileriň gorpa ýykyp, gabra iteklemesinden çekinme. Jaýlajak bolsalar, gonamçylyga ellerinde göterip äkidýändirler».

1359. Aly ibn Ymran Dapbynyň aýtmagyna görä: «Men elinde geçisiniň boýunbagyny saklap duran Muhammet ibn Kunaýa Esedini gördüm. «Hä, indi geçini çekip ýörmeli bolduňmy?» diýip, men oňa ýüzlendim. Ol*: «Çagalary üçin zat çekmeklik, kämil adamyň mertebesini kemýän däldir» diýdi.

1360. Hasan Basrynyň aýdany: «Günäleriň başy ulumsylykdyr. Iblis ulumsylyk sebäpli Adam ata sežde etmekden ýüz öwürdi. Ikinjisi: harsylyk, güýçli islegdir. Adam ata harsylygy sebäpli gadagan edilen daragtdan iýdi. Üçünjisi: Göriplikdir. Adam atanyň ogly doganyna göriplik edip, ony öldürdi».

1361. Mamunyň sözleri*: «Tekepbirlik adam üçin erbet gylykdyr. Tekepbir adamyň özgeleriň ýanynda gadyry bolmaz. Öz haýryndan dostlaryny boş goýýan, umydyny döwüp, göwnüne degýän gurply adam üçin ölüm ýagşydyr».

1362. Attabynyň ulumsy kişini ýazgaryp aýdan sözleri*: «Eger sende şol ulumsylyga barabar akyl bolsady, çigit ýalyjak gopbamsylygyň galmazdy».

1363. Abul Atahyýanyň sözleri*:

«Käşki, ötenlerden sorap bilsedim,

Ýagşylaň azalyp, boşlaň galjagyn.

Bu zamanaň ili öwrendi kemsiz,

Şalaň şöhratparazlygyn, açlygyn».

1364. Çarwalaryň birinden «Hökümdaryň huzuryna gitmeýärmiň?» diýlip soralanda, ol: «Meniň mertebäm bu gatnaşygy götererden ejiz geler öýdüp gorkýaryn» diýipdir.

1365. Apbas ibn Ahnafyň sözleri*: «Ulumsylygyny ýüzüne çykarýan adam, özüňe gara, ýakymsyz ys erbetdir. Eger adamlar öz içindäki zatlar hakda pikir edip, oýlansalar, ne ýaş ýigit, ne-de garry ulumsylyk ederdi. Adamda ýekeje hormatly zat – kelle bar. Ýöne bäş sany ýaramaz zadyň hasaby bar. Sümük akýan burun, porsy ysly gulak, ýaşaryp duran göz, gyllyk akýan agyz. Eý, gumdan ýaradylan, ertir seni gum iýer. Tekepbirligiňi bes et, sen toprak üçin iýgi hem içgisiň.

1366. Başga biriniň sözleri: «Dostlaryny zyýana goýup, baýlyk-wezipa ýeten adam ynsan däldir. Ak ýürek adamlar soltandan alan peşgeşini hak dostlaryna siňdirip, abraýa ýeter».

1367. Abul Atahyýanyň sözleri*: «Dostlarynyň arasynda, özüniň baýlygyna magtanýan adam, abraýyna gara ýöňkär. Kimseler baýlyk bilen öwünmek islese, men adamkärçilik bilen sabyrlylygy iň zerur baýlyk saýýaryn. Garyplar baý bolmakdan dowla düşmeýärler. Baýlar bolsa, garyp düşerin öýdüp, gorkuda ýaşaýar».

1368. «Paýhas saňa haçan täsir edip başlady?» diýip, Gippokratdan soranlarynda, ol: «Nebsimi kemsidip başlanymdan soň» diýip, jogap beripdir.

1369. Başga biriniň sözleri*: «Her kimiň eli bilen gazanany, öz barmagyna tylla ýüzük bolar. Adam käteler kösener, käteler işi şow bolar. Akmaklaryň we süpükleriň seni oýnamazlygy üçin sen pespälligi ynsabyňa galkan et».

1370. Fazl Rakaşynyň sözleri*: «Adamlary sylaýan, olara eziz görüner. Il-güni hormatlaýan adamy söýerler.

1371. Abdylla ibn Muhammet Teýminiň Fazl ibn Sehl hakda aýdan sözleri*: «Ýagşy adamlaryň abraýyny Alla belende göterende, olar pälini pes tutar. Her bir äpet zat bolsa, Hudaýyň ýanynda pesdir».

1372. Lepbadynyň sözleri*: «Ili äsgermezlik etmeseň, olara ýumşak görünersiň. Sylasaň sylanarsyň. Hormatyň bilen ýagşylyk edýänleriň gadyryny bil. Başarsaň, olara kömek hem et».

1373. Bekr ibn Abdyllanyň aýdany: «Özüňden beýigi göreňde: «Bu yslam we iş babatda menden öňde, ol menden has ýagşydyr» diý. Özüňden pesi göreňde: «Günäli ýa ýazykly bolmakda, men ondan öňdedirin. Ol menden has ýagşydyr» diý. Çünki, sen özüňden uly ýa-da peslerden başga kişini görmeýärsiň».

1374. Sagyt ibn Humaýdyň sözleri*: «Ata-babalaryňy ýatlap, magtanmagyňy bes et. Biziň ählimiz Adam ata bilen How eneden gözbaş alýarys. Buýsanmak isleseň, şu dört zada eýe bol: Takwalyk, haram işden saklanmak, ýagşy edep we akyllylyk. Bu dört zat bilen sen mertebäniň we öwginiň örküjine çykarsyň».

1375. Mutarryf ibn Abdylla ibn Şyhhyr bir gezek möhüm iş bilen gelen Muhellep ibn Abu Sufra seredip: «Bu kim?» diýip sorapdyr. Ol «Sen nä meni tanaňokmy?» diýende, «ýok» diýip, jogap beripdir. Ol «Men Muhellep ibn Abu Sufra» diýende, ol «Hä, indi bildim. Elbetde seni tanaýaryn. Aslyň seň dökülen damja, ahyryň porsy maslyk, aralygy bolsa poh üçin gap-göwre» diýipdir.

1376. Abu Bekr Syddykda hem şunuň ýaly goşgy bar*: «Owal başy damja we ahyry maslyk bolýan adam nämesine buýsanýarka? Ertirki gün magşar olary özüne çekende, iň buýsançly başlar takwalarda bolar».

1377. Bir gezek kuraýşlylar aşa öwünipdirler. Olaryň arasynda Selman Parsy hem oturan ekeni. Ol: «Ýöne men-ä hapa damjadan ýaradyldym. Ertir bolsa porsy maslyga öwrülerin. Kyýamat güni eden işlerim terezide ölçeler. Ýagşymy ýa-da bihepbeligim şonda belli bolar» diýipdir.

1378. Abdylla ibn Mesgudyň aýdany: «Beýik hem bolsa, pälini pes tutýan, başarýan hem bolsa, özüni saklaýan, güýji ýetse-de, ynsap edýän adam iň oňat adamdyr».

1379. Üç zat özüňe bolan söýgini döredýär. Olar: dindarlyk, pespällik we sahawatlylyk.

1380. Isa ibn Abu Japaryň aýdany: «Bir gezek Pygamberiň metjidinde Ybraýym ibn Muhammediň ýanynda otyrdym. Birdenkä, owadan ýüzli, akyl-huşy zyýada bir ýaş ýigit öňümizi kesip geçdi. Ol öwünjeňlere degirmejek bolup, donunyny ýokary çekýärdi. Ybraýym menden bu oglanyň kimdigini sorady. Men onuň öz garyndaşlarymdandygyny aýdanymdan soň, ol ýylgyrdy-da:

«Aslyny uzaldyber. Eger ene-atasynyň asyl-abraýy gysga bolsa, ony çekip süýndürseň-de, bähbit bolmaz» diýdi.