بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Namazyňyzy okaň, ony terk etmäň, başardygyňyzdan köpeldiň. Kyýamat güni sizi dowzahyň odundan halas etjek zat namazdyr.

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler » 73-nji bölüm: Ýerliksiz degişme.

1512. Her zadyň gözbaşy bolýar. Duşmançylygyň gözbaşy degişmedir, ol soňra möwjär gider. Urşuň başy hem sözdür.

1513. Käbir halypalar bir adama iki iş hödürläp, olaryň birini saýlamagy tabşyrypdyrlar. Ol adam: «Iki işi hem isleýärin, üstesine hurma bolsa-da kem däl» diýipdir. Ol halypa: «Haý, atasy ýitmiş, sen indi meniň ýanymda hem oýun edýärmiň? Ýit ugra, saňa şol ýeke iş hem ýok» diýipdir.

1514. Käbir şahyrlaryň sözleri*: «Degişmek islän bolsaň, päliňden gaýt. Söz ýaraga öwrülip gitmesin. Dostuň degişmesi duşmançylyga açar bolmasyn».

1515. Başga biriniň aýdany*: «Degişmek – hasyl berip duran her bir dostlugyň apatydyr. Degişme zerarly, käteler, dury dostluk hem bulanyberýär».

1516. Käbir alymlaryň aýdany: «Köp degişmäň. Ol adamkärçiligi ýitirer we gursagyňyza bulaşyklyk salar».

1517. Lukmanyň aýdany: «Hormatly adam bilen degişme, ýüreginde kine baglar. Akmak bilen degişme, üstüňe topular».

1518. Bir adam Ibn Sirine bakyp: «Sen nä degişeňok? Pygamber alaýhyssalam hem degişýärdi» diýende, ol: «Pygamber degişende, günäsi ýok zady ýatlap, dogry sözi bilen degişýärdi. Biz näme ony başarýarysmy?» diýipdir.

1519. Edepli adamlaryň käbiri Mamuna şeýle goşgy aýdyp beripdirler*: «Ýigit dili bilen dostlaryna söz oklar, käte günäsi ötülmejek sözleri aýdar. Emma muňa müýnürgemez we «Men ýöne bir degişdim, henek atdym» diýer. Bu zerarly ýürekleri oda salýandygyny ýadyna salmaz. «Degişmäniň uly sögünçdigini» bilmeýänligi üçin ony nadan hasaplaýaryn».

1520. Käbir araplaryň sözleri: «Degişmede büdreseň, ýürekleri öldürip, duşmançylyk böwedini ýazdyrarsyň. Ýylgyryş seni ýakynlaşdyrýanam bolsa, degişme uzaklaşdyrýar».

1521. Pygamberiň aýdany: «Her zadyň öz tohumy bar, duşmançylygyň tohumy degişmedir».

1522. Omar bin Hattabyň aýdany: «Köp degişýän adamy sylamazlar, onuň üstüne sürünerler».

1523. Halyt ibn Safwanyň aýdany: «Degişýän adamyň ýüzi gülýär diýmeseň, onuň sögdügidir».

1524. Käbir adamlaryň sözleri: «Ýerliksiz we çäksiz degişmeden ätiýaçly bol! Süýji degişmelerden zäher damybermesin».

1525. Ibn Kyrriýýäniň aýdany: «Degişmäniň başy şatlyk — ahyry gynanç. Şygryň şahyrlaryň oýnawajy bolşy ýaly, ol hem pes adamlaryň güýmenjesidir. Köp degişmek ahyry gaharyňy getirer we keýpiňi bulaşdyrar».

1526. Ibn Mukaffanyň sözleri*: «Ýigidiň oýundan-çyndan degişmesiniň arasynda, onuň öz ajaly ýatyr. Degişme ýigidiň heläkçiligine sebäp bolaýmasyn. Kim nähili zady dost tutunsa, oňa hem edil şonuň ýaly çemeleşerler».

1527. Misgar ogly Kidama öwüt berip, şeýle diýipdir*: «Oglum Kidam, ak ýürekli pederiň öwüdini kabul et. Hergiz ýaranjak bolup degişmegin. Bu gylyk bilen dostuňy begendirip bilmersiň. Ömrüm boýy synap gören zadymy aýdaýyn: Hem-ä goňşy bilen, hem-de ýürekdeş dost bilen ýerliksiz degişmegin».