بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Alymyň ybadathondan artyklygy ondördi gijäniň aýynyň şöhlesiniň hemme ýyldyzlaryň şöhlesinden artyk bolşy ýalydyr»;

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Beýik Allanyň ady bilen

Bize pähimdir paýhas, akyl lezzetini, aňdyr düşünje berip, akyldarlaryň akyldaryna ybadata gönükdüren, dil çeperligini bagyş eden Beýik Allatagala öwgüler bolsun! Musulman ymmatynyň akyldary, dogry ýoly salgy beren Muhammede we onuň agzyny eýerenlere salawatlar bolsun.
Ynsana Alla tarapyn bagyş edilen ajaýyp zatlaryň biri akyldyr. Akyly özüne ýaran tutunan ynsan günädir şerden, aldyr hileden, aýlanyp geçip, haýyr-yhsan we peýdaly işler bilen meşgul bolar. Akyl ynsana iň gerekli ýaragdyr. Ynsanlar akyly bilen ýaradylan ähli jandarlardan tapawutlanman, eýsem öz aralarynda-da tapawutlanýarlar. Şonuň üçin hem ederini bilip, her bir ädimini oýlanyp basýan adamlara akylly, ederini bilmez, howaýy gürleýän adamlarada nadan diýilýändir. Ylym akylynyň esasy bölegidir. Alla tarapyn akyl berilen ynsan ylymy tiz özleşdirer we düşünjesi zyýada bolar.
Akylly adamyň mertebesi ýokarydyr. Men [Abul Faraj Ibn Jöwzi ― terjimeçiniň belligi] şu kitaby ýazmak bilen öňümde üç maksat goýdum.
Birinjisi, akylly adamlary tanap, olaryň derejesini anyklamak. Ikinjisi, ynsanda bar bolan akyly oýandyryp, ony kämil derejä ýetirmek. Eger ynsan öwüt-ündew diňläp bilýän bolsa, diýmek, şol adamda akyl uçgunlary bardyr. Razy şeýle diýýär:
 
Syýahat etmekden geçdi meň wagtym,
Mejlisde diňlemek indi meň bagtym.
 
Apbaslylar halypasy Mamun: «Ybraýym Laşy ýaly akylly gürrüňlere diň salmagy başarýan adam ýokdur» diýýär. Üçünjisi, kitapda aýdylýanlary okan adamyň şol zatlary özüne siňdirip, zürýatlaryna ýagşy terbiýe bermegi hökmandyr.
 
Bu kitap otuz bir bapdan durýandyr.
  1. Birinji bap. Akylyň mertebesi hakynda.
  2. Ikinji bap. Akyl zynaty we onuň ýerleşýän ýeri hakynda.
  3. Üçünji bap. Akyl, zehin we parasatlylygyň beýany hakynda.
  4. Dördünji bap. Ynsanda akylyň bardygyna delalat edýän zatlar hakynda.
  5. Bäşinji bap. Öň ýaşap geçen pygamberleriň danalygy hakynda.
  6. Altynjy bap. Öň ýaşap geçen ata-babalarymyzyň danalygy hakynda
  7. Ýedinji bap. Muhammet alaýhyssalamyň danalygy hakynda.
  8. Sekizinji bap. Muhammet alaýhyssalamyň egindeşleriniň danalygy hakynda.­
  9. Dokuzynjy bap. Halypalaryň danalygy hakynda.
  10. Onunjy bap. Wezirleriň danalygy hakynda.
  11. On birinji bap. Soltanlar, emirdir hajyplar we goragçylaryň danalygy hakynda.
  12. On ikinji bap. Kazylaryň danalygy hakynda.
  13. On üçünji bap. Uly alymdyr fakyhlaryň danalygy hakynda.
  14. On dördünji bap. Dindarlaryň we zahytlaryň danalygy hakynda.
  15. On bäşinji bap. Arap we ajam alymlarynyň danalygy hakynda.
  16. On altynjy bap. Akyly bilen hile edip maksadyna ýetenleriň danalygy hakynda.
  17. On ýedinji bap. Hiläniň tersine boluşy hakynda.
  18. On sekizinji bap. Başyna apat inende danalygy bilen halas bolanlar hakynda.
  19. On dokuzynjy bap. Akyl-paýhas bilen garşydaşyňy boýun etmek hakynda.
  20. Ýigriminji bap. Dawagärleri dymmak bilen ýeňmegi başaranlar hakynda.
  21. Ýigrimi birinji bap. Hökümdarlardyr beýik şahslary danalygy bilen ýeňmegi başaranlar hakynda.
  22. Ýigrimi ikinji bap. Halkyň arasynda meşhurlyk gazanan şahslaryň danalygy hakynda
  23. Ýigrimi üçünji bap. Danalaryň bäsleşigi hakynda.
  24. Ýigrimi dördünji bap. Beýik serkerdeleriň danalygy hakynda.
  25. Ýigrimi bäşinji bap. Lukmanlaryň danalygy hakynda.
  26. Ýigrimi altynjy bap. Mugthorlaryň danalygy hakynda.
  27. Ýigrimi ýedinji bap. Ogrularyň danalygy hakynda.
  28. Ýigrimi sekizinji bap. Çagalaryň danalygy hakynda.
  29. Ýigrimi dokuzynjy bap. Zenanlaryň danalygy hakynda.
  30. Otuzynjy bap. Haýwanlaryň danalygy hakynda.
  31. Otuz birinji bap. Haýwanlaryň dilinden aýdylan danalyklar hakynda.